TÜRKMENIŇ RUHY DÜNÝÄSI 土库曼人的精神世界
Mähriban türkmen halkym!
我亲爱的土库曼人民!
Eziz ilim!
我亲爱的同胞!
Men özümi siziň bilen bitewi bir syna hökmünde duýýaryn. Meniň sizden aýry zadym ýok, gizlin syrym ýok. Siziň şatlygyňyzy, bagtyýarlygyňyzy men öz şatlygym, bagtyýarlygym hasaplaýaryn. Size hyzmat etmekden, altyn ruhda, altyn ýaşaýyşda ýaşatmak üçin edýän işimden çäksiz lezzet alýaryn. Hut şu maksat üçin hem gündelik hajatlaryňyzyň esasylarynyň — gazyň, toguň, duzuň, ekin ekmek üçin paýlanylýan ýeriň, döwlet ýaşaýyş jaýlarynyň töleginiň mugt edilmegi, unuň mätäçlere mugt paýlanmagy, parahat, aladasyz ýaşamagyňyz, zähmet çekmegiňiz, okamagyňyz üçin ähli derwaýys şertleri kanun esasynda umumy türkmen halky üçin döretdik.
我希望让你们知道我和你们是一样。我和你们没有不同的,没有隐藏什麽。你们的喜悦和幸福就是我的喜悦和幸福。我每天在为你们的黄金精神、黄金年龄服务,履行我的职责,以便让你们的生活更加轻松。要达到这个目标,我们已准备好了必要的条件,包括锅、盘子、盐等日常用品。我们还建设了一大批公共房屋,让老百姓免费居住。我们所做的这一切都符合国家法律的规定。我们已经向土库曼人民提供了一个和平和宁静的环境。
Men ýaşlykdan her bir halk üçin şu ýeňillikler edilen wagty şol milletiň, döwletiň esasyny tutýan halkyň ruhunyň belent boljakdygyny duýýardym, şu günki üstünlikleriň başlangyjy Garaşsyzlygyň we baky Bitaraplygyň ýetişdiren miwesidir.
我在青年时期认为,每当人们以民族为根本基础,那么这个国家的人民精神就会不断的提升,今天我们成功的实现在于我们坚持不懈的进行了独立和中立。
Ruhuňyz belent bolsun! Biziň ruhubelentlik taglymatymyz dünýä nusga bolsun!
精神就是力量!让我们的精神力量成为世界上的一个标牌!
◇◇◇
Men türkmeniň ruhy dünýäsi barada aýdanymda, elmydama onuň ýüreginiň — göwnüniň galkynyp durmagy, adamyň dünýäde hemişe umyt bilen ýaşamagy, şol umydyna-da ýetjegini bilmegi, Watanyna, halkyna, adalata ynanmagy, özüniň isleginiň-arzuwynyň kanagatlandyryljakdygyny bilmegi barada aýdýaryn.
当我谈起土库曼人的精神世界时,我所讲的精神是道德高度上的精神。人类在世界上总是有一种希望,他们是对生命、对祖国、对正义的希望,他们的需要和愿望将会得到满足。
Adam köňül arzuwyndan umydyny üzse, onda onuň ruhy peselýär, lapykeçlige ýüz urýar. Rehim-şepagatlylyk, halallyk, adalatlylyk, ruhubelentlik, agzybirligi saklamak, milletiňi söýmek, goňşyňy söýmek, iliňi söýmek, ýurduňy söýmek duýgulary adamlaryň kalbynda bolmaly.
当人类失去了希望时,他们的精神就会淹没,他就变成一个失望者。一个人应该具有怜悯的、诚实的、公正的、团结的精神,把热爱民族、热爱邻居、热爱同胞、热爱国家始终装在心中。
Allatagala adamy döredende oňa ten beripdir, ruh beripdir. Adamyň ruhy belent bolanda, her adamyň ruhy jemlenip, halkyň ruhuny emele getirýär. Her adamyň ruhy belent bolanda, halkyň ruhy belent bolýar.
伟大的真主在创造人类的时候,就造就了他们的灵魂。如果个人的精神是坚强的,那么整个社会的精神将会强大。如果个人的精神是坚强的,那么整个人民的精神将会强大。
Wagt özüniň Heňňam atly sypatyna girende, külli Ýaşaýşyň kiçelip-kiçelip, gysylyp-gysylyp bir göwrä, bir şahsa, seniň garşyňy alyp duran bir bitewi barlyga öwrülendigini duýýarsyň. Onuň dili-agzy ýok. Emma ol aýtjak zatlaryny Garagumuň üstünden burulyp-burulyp gelýän şemallaryň, Hazaryň depesinden taýyp-taýyp gelýän ýelleriň, Köpetdagyň gerşinden düňderilip gaýdýan öwüsginleriň dilinde aýdýar. Ol hem türkmen ruhuna täsir edýär.
精神语言是不受时间所限制的,也不会变成烟灰化为乌有,这种精神语言融汇了苍天和大地彼此交谈的种种意味。精神没有舌头和嘴。这就是喀剌库姆沙漠上旋风般呼啸的语言,是哈扎尔海风般轻柔的语言,是科佩特山顶上暴雨般倾泻的语言。这就是土库曼的精神。
Heňňamyň zybanyndan çykýan ümsümlik gulaklarymy şaňladyp gidýär — bäş müň ýylyň dowamynda sesleri Garagumuň şemalyna, nazarlary türkmen sährasynyň gözýetimine, howaly duýgulary asmandaky bulutlara, agras mähri ýerdäki bulaklara, gözleriniň nury türkmen Güneşine, sulbalary Köpetdagyň kölegesine, ystyhany ene topraga dönen ata-babalarym meniň ruhumy göterýärler.
这是在我耳朵里敲响的沉寂的声音,是5000年来夹杂在喀剌库姆沙漠旋风中的祖先的声音,他们目光凝视着土库曼的荒漠,他们的感情融合在蓝天白云中,融合在大地乌云中,他们的眼睛在土库曼的阳光下闪闪发光,他们的身影在科佩特山中显现,在这片土地上你的心灵可以感觉到祖先的精神。
Bugdaýyň amatly topraga düşen däneden täzeden jana gelşi, täzeden dogluşy ýaly, atalaryň ruhy meniň ruhumda direlýär. Ruh ruhdan döräpdir. Ruh ruhda-da gaýtadan döreýändir.
正如播撒在肥沃土地里的麦粒会发芽和成长,祖先的精神也在我的精神中再生。精神可以产生新的精神。精神可以在下一代灵魂中再生。
Ruhuň ýaşaýşynyň üç sany serişdesi bar. Bular zehin, akyl we hakydadyr. Bularyň başky ikisini adam öz ata-babalaryndan miras alýar. Men hemişe adam ömrüniň, şahsyýetiniň kemala gelşini iki tapgyra bölýärin.
精神由三个基本部分所组成。就是头脑、智慧和记忆。我们从祖先那里继承了2个。我把人的生命和性格形成分为2个阶段。
Birinjisi, adamyň entek öz-özüni bilmeýän döwri, ikinjisi bolsa özüni bilip başlandan soňky döwri öz içine alýar. Özüni bilip ugrandan soňky döwür, elbetde, hakydanyň döwrüdir. Sebäbi şonda adamyň hakydasy, ýady kemala gelýär, bu döwürdäki wakalar we zatlar onuň ýadynda saklanýar. Başgaça aýdanyňda, bu adamyň öz hususy ömri, şahsy ömrüdir. Ondan öňki döwür bolsa, adam ata-babalarynyň ömri bilen ýaşaýar. Bu döwürde zehin hökmürowandyr. Zehin — atalardan galan beden, damar-gan, döredijilik, özgerdijilik, hasyl alyjylyk hem hereketlilik häsiýetlerine eýe boldy.
第一个阶段,人自己不了解自己。第二个阶段人开始了解自己。这个阶段是人产生记忆的阶段。人的记忆是在这个阶段逐渐成熟的,他能够认识并记得在这个期间发生的事情。这就是说,这一时期人可以独立生活。而祖先的精神不断地填满人的内心世界,头脑不断的去占据和继承祖先的身体、脉搏、血液、创造力等等。
Şol türkmeniň ruhy dünýäsini joşdurýan, durmuşa höwes döredýän onuň asylly aňyrsy ata-babalarynyň ruhudyr, öz türkmen milletine, diline, dinine, tebigatyna, aýdymyna, sazyna, maşgalasyna, durmuşyna, ähli özboluşly halal däp-dessuryna bolan uly söýgüsidir.
土库曼人的精神世界是从基础先祖的精神而变得的高尚,这种精神的源头在于土库曼人的民族、语言、宗教、音乐、家庭、传统和习惯,是土库曼人最大的热爱。
Türkmen milleti döräli bäri onuň milli ruhy bolupdyr, her döwürde şol ruh dünýäniň özgermegi bilen öz öwüşginini tapypdyr, emma gymmatlygyny ýitirmän, kämilleşip, bäş eýýamy geçipdir.
土库曼民族自从诞生之日起就具有自己的民族精神,并且其精神世界在各个阶段的变化不同而吸取的,土库曼人的精神世界不但没有失去原有的特性,反而更加完善,它经过了5个阶段。
Türkmen Ruhunyň birinji eýýamy biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykdan biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyna çenli aralygy tutýar. Bu eýýamda milletiň ruhy gözbaşy Oguz handyr, halal, sada türkmen zähmeti bilen gün görýär. Oňony öküzdir. Öküz öz zähmeti bilen tebigaty özgerdýär. Öküz ene ýeriň hasyl bermegine sebäp bolýar. Öküz ýaşaýşy, dünýäni, jemgyýeti herekete getirýär.
土库曼人精神的第一阶段是公元前5000年~公元650年之间。这个时代民族精神的领袖是乌古斯汗,他是一个普通的土库曼人,依靠真主的哈拉里(合法的)进行生活。他就同一头公牛。公牛通过它自己的努力塑造自然。公牛勤劳地耕种大地使其肥沃。公牛改变了这个世界和社会。
Eger Oguz hanyň ýoly gönümellik, halallyk hem adyllyk ýoly bolsa, onda ol ýoldan ýöremegiň dyzmaçlyk, gaýduwsyzlyk hem-de mertlik diýen ýörelgeleri bardyr.
乌古斯汗所走的道路是一个正义、合法、正当的道路,在这条道路上是热情的、勇敢的、有耐力的。
Ýoly ýörelgeli ýeňer.
只有坚持这条道路将达到自己的目标。
Oguz han Türkmeniň öküz sypaty zähmetsöýerlik, jepakeşlik, erklilik, güýçlülik, döwletlilik alamatlaryny özünde jemleýär. Eger onuň ýoly bitewilik, agzybirlik hem-de jebislik ýoly bolsa, onda bu ýoluň jepakeşlik, erklilik, güýçlülik we zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri bardyr.
乌古斯汗象犍牛一样强壮有力,乌古斯汗是勤劳、智慧、坚强和力量的土库曼人的象征。乌古斯汗的道路团结、一致和完整的道路,是为我们勤劳、智慧、坚强和力量的土库曼人开辟的道路。
Dirä — ýörelge,Ölä — gonalga — diýipdir Oguz han Türkmen.
乌古斯汗说:生者动,死者宁。
Bu pähim onuň eýýamynda türkmenlerde işjeňligiň iň ýokary derejä ýetendigini görkezýär.
乌古斯汗的这个谏言勉励了那个时代辛勤劳动的土库曼人。
Türkmen ruhunyň ikinji eýýamy biziň eýýamymyzyň 650-nji ýyllaryndan başlanýar. Bu eýýam türkmeniň jahankeşdä öwrülen döwrüdi.
土库曼人精神的第二阶段开始于公元650年。这个时代土库曼人已经扩散到整个世界。
Şonuň üçinem munda türkmeniň sapardaky, ýoldaky, aýak üstündäki aýan bolan ruhy häsiýetleri ýüze çykdy. Türkmen Oguz hanyň «Bir ýerde durma!» diýen pendini ýörelge edindi.
在这个时期土库曼人遵循了乌古斯汗的谏言“一个地方不要停留”,造就出了土库曼人在这个时代在路途上、在迁移中、在困难条件下的精神力量。
Ikinji eýýamda milletiň ruhy ýolbaşçysy Gorkut ata boldy. Bu döwrüň ruhy gopuz bilen beýan edilipdir. Yslamy meýletin kabul eden Gorkut ata türkmen ruhunyň täze bir giňişligini açdy. Özüniň iman, ahyrýet hakyndaky pelsepeleri bilen Gorkut ata ahlagyň täze gymmatlyklaryny işläp düzdi. Indi dünýä öňküsi ýaly üç däl-de, ikä geldi. Bu dünýäde eden işleriňe hasap geçmeli, ahyrýetiň bardygyna iman getirildi.
第二阶段的民族精神领袖是科尔库特阿塔。这个时期的精神用格布兹(译者注:今天中国撒拉尔民族的乐器-口弦)来体现。由于科尔库特阿塔信仰伊斯兰教使土库曼人的精神空间得到全面的更新。科尔库特阿塔通过伊玛尼、后世的说教为土库曼人建立了新的道德价值。这个时候的世界仍然是三部分,而不是两个部分。人们相信,在这个世界上的行为由自己来承担,到了后世要从伊玛尼上来拿问。
Bu eýýamda türkmeniň ozalky ruhy alamatlary saklanyp galdy. Altyndepede öküz bilen birlikde möjegiň şekiliniň bardygyny, Oguz hana möjegiň ýol görkezendigini bilýäris. Munuň özi ikinji eýýamda öküziň deregine böriniň geçmegine sebäp boldy. Çünki birsydyrgyn, parahat hem imi-sala ýaşaýyş tamam boldy. Yslam türkmene täze ýoly geçmäge, ol ýollarda özüňi görkezmäge böriniň kuwwaty, garadangaýtmazlygy hem böriniň ýyndamlygy gerekdi. Türkmen ruhy öz ozalky kenarlaryndan daşyna agdy-da, yslam dünýäsine ýaýrap gitdi.
在这个时代土库曼人保留了自己的精神价值。在阿勒泰德佩发现公牛的同时,还发现了一个狼的图像,是狼为乌古斯汗指明了道路。所以,在第二阶段公牛由狼取而代之。而多年的和平与安宁即将结束。信仰伊斯兰教的土库曼人要想开辟新的道路,在新的道路上展现自己的能力,就要象狼一样无畏、强壮和敏捷。土库曼人的精神超越了自己的本土而传遍了这个伊斯兰世界。
Ol ruh çölleriň gurdy bolup giň sähralary gezdi, aw awlady. Ol şeýdip giňlik, uç-gyraksyzlyk häsiýetine eýe boldy. Ol gaýduwsyzlyk, mertlik häsiýetine eýe boldy. Özünden güýçlüleriň, özünden ejizleriň bardygyny gördi. Güýçliniň minnetini çekmedi, ejiziň awuna el gatmady. Sährany ýurt tutundy, nesli örňedi, ýurt mährini duýdy. Öz ýurduna kesekini goýbermedi, özgäň ýurduna dawa etmedi. Onuň tüýleri, ýallary gök asmanyň — bakylygyň hem elýetmezligiň reňkindedi. Hoş gününde eselmedi, hor gününde peselmedi. «Gurt ýüzi — mübärek!» diýdirdi. Özüni kapasa saldyrmady, ýolbarsyň giren kapasasyna girmedi, gaplaňyň oýunlaryny etmedi.
这种狼的精神来到了辽阔无边的沙漠,进行猎杀猎物。因此,狼通过自己的特有素质占据了无限的空间,并且获得了勇敢无畏。狼容忍强者的责备,也不欺压弱者。狼在广阔的空间生儿育女,并热爱它的土地。狼不侵占别人的土地,也绝不允许别人侵占自己的土地。狼的皮毛和鬃毛是与无限的天地同色,是一种完美而永恒的颜色。快乐的日子,它不会居功自傲;不开心的日子,它不会失落绝望。有一句谚语“狼脸吉祥”。狼不会进入陷阱,不会把自己送到老虎的笼子,也不会与狮子共舞。
Türkmen ruhunyň üçünji eýýamy X — XVI asyrlary öz içine aldy. Bu döwür diňe bir türkmen gylyjynyň däl, eýsem türkmen ruhunyň hem dünýä çykan eýýamydy. Bu döwrüň beýik türkmen döwletleriniň dünýä ýaň salan eýýamydygyny dünýä taryhy tassyklaýar. Beýik Seljuk-türkmen döwleti, Osman-türkmen döwleti, Salyrlar döwleti,Garagoýunlylar döwleti, Akgoýunlylar döwletleri — türkmen ruhunyň şu eýýamda nähili belent, syýasy-taryhy taýdan işjeň bolandygynyň taryhy güwäçisidir.
土库曼人精神的第三阶段是公元10世纪到16世纪。这个时期是土库曼人用刀剑来说话的时代,是土库曼人的国家称雄世界的时代。历史见证了伟大的塞尔柱土库曼帝国、奥斯曼土库曼帝国、撒拉尔王朝、黑羊王朝、白羊王朝等等——土库曼人的精神在这个时期是卓越的,它拥有强大的政治和军事基础被历史所证明。
Göroglynyň eline dutar almasy ýöne ýere däl, sebäbi bu döwrüň ruhy dutar bilen beýan edilýärdi. Bu eýýamyň ruhunda daş ýarýan, dagy ýykýan gujur jemlendi. Ol diňe bir ýeriň ýüzünde haýdaman, eýsem gögüň ýüzüne-de göterildi.
科罗格勒的杜塔尔震动了这片大地,他用杜塔尔调整着土库曼人的精神。这个时期的精神积聚了劈石开山的巨大的力量。这种精神不但冲击了整个大地,而且影响了宇宙天际。
Oguz hanyň harby-syýasy tizligi medeni-taryhy tizlige öwrüldi, bu döwrüň ruhy ýolbaşçysy Görogludyr.
乌古斯汗的政治和军事上追求转变为文化和历史上的快速发展。这个时代的精神领袖是科罗格勒。
Bu döwürde taryhy sahna ymykly çykan oguzlar-türkmenler şeýle bir uly hem çuňňur döwlet — syýasy tejribesini topladylar. Onsoň Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen nakyl döredi. Çünki sanly asyryň içinde Magrypda we Maşrykda, Müsürde, Hindistanda we gaýry ýurtlarda gurlan türkmen döwletleriniň sany onlarça boldy. Ol türkmen soltanlarynyň köpüsiniň bürgüt atlary bolupdy. Aslynda, Oguz hanyň her agtygynyň öz bürgüt ady bardy. Gaýa han-şuňkar, Salyr han-bürgüt, Begdili han-bähri, Dodurga han-garçgaý, Owşar han-laçyn, Çepni han-humaý, Bükdüz han-ütelgi.
在历史上,在这一时期的乌古斯土库曼人已经积累了建立国家政治、行政管理的大量经验。东方有一句格言“如果你要建立国家,那么就叫土库曼人来”。仅仅几个世纪,土库曼人就在世界的东方和西方、在埃及、在印度斯坦和其他地区建立了数不完的国家。土库曼的苏丹们继承了先祖的传统,把名字都称作是鹰。乌古斯汗的所有孙子都有自己的鹰的名字:喀亚汗—苏卡尔,撒拉尔汗—布尔古特,伯克迪里汗—拜赫里,多都尔嘎汗—喀尔奇嘎,奥乌夏尔汗—剌钦,切普尼汗—胡迈,布克都兹汗—乌特勒格。
Beýik seljuk türkmenleriniň döwletini esaslandyran Dawudyň hem Muhammediň ruhy atlary-da — bürgüt atlary — Togrul we Çagry boldy. Şol döwürde symrug hem humaý guşlary türkmen ruhunyň daýançlary bolupdy.
伟大的塞尔柱土库曼帝国的创始人达乌德和穆罕默德的精神名字就是鹰的名字:托格鲁尔和察格勒。这个时期的鸟西姆如格和胡玛依是土库曼人的精神支柱。
Bu döwürde türkmen ruhy bürgüt bolup, kertden kert gaýalara çykdy. Şeýdip, türkmen ruhy beýiklik, howalalylyk häsiýetine eýe boldy. Howada, ýeriň ýüzünde öz awuny uçuryp, gaçyryp aldy. Şeýdip hereketlilik, janlylyk häsiýetlerini aldy. Güne ýakyn boldy, günüň mährini özüne siňdirdi. Elýetmez, okýetmez, sesýetmez gaýada oturyp, şol ýerden bu pany dünýäniň bimanylygyna, ötegçiligine, aşakdakylaryň hars uruşlaryna bakdy. Şeýdip, hem belentlik, hem çuňluk häsiýetine eýe boldy.
这个时代土库曼人的精神象征是鹰,是从悬崖上飞翔的鹰。它成为土库曼精神伟大的象征。它不仅飞翔于大地,而且直冲云霄。它动作敏捷,能在飞行捕捉猎物,也能在跑动时捕捉猎物。它坐落于高不可攀、箭射不到的悬崖上,享受阳光的爱抚,目睹这个世界上的欺骗、贪婪和殊死争斗。因此它了解茫茫宇宙里的一切奥秘。
Türkmen ruhunyň dördünji eýýamy XVII — XX asyrlary öz içine alýar. Bu eýýam ruhuň taryhy-işjeňlik taýdan iň gowşan döwri bolup çykdy. Dyzmaçlygyň ýerine peýwagtlylyk, aýgytlylygyň ýerine oýlanyşyklylyk geldi. Munuň özi türkmeniň birwagtky çykyp giden ojagyna dolanan döwri boldy. Indi türkmen geçen taryhyna nazar aýlap, onuň üstünliklerine guwanmak, kemterine arman çekmek ýagdaýynda boluberdi. Milletiň ruhy sypatynda taryhy döredijilik alamatlary ýiteňkirledi. Taryhy ýadawlykdan egbarlan türkmen özüniň millet hökmündäki aýratynlyklaryny saklap galmagyň gamyny iýdi. Sansyz hem çylşyrymly taryhy gaýtgynlar — daşgynlar sebäpli synasy bölek-bölek bölünen — tire-taýpalara baş bolan halkyň iň wepaly ogullary milletiň ruhunda bitewilik sypatynyň ýitip gitmezliginiň aladasyny etdiler. Türkmene taryhy tejribäni paýhas eleginden geçirmek üçin, indiki galkynyşyň gözýetimlerini kesgitlemek üçin pursat hem asuda durmuş gerekdi. Şonuň üçin, bu eýýamda türkmen kän öýünden çykman, daşaryk seretmän, öz güni bilen boluberdi. Bu döwrüň ruhy ýolbaşçysy Magtymguly Pyragydyr.
土库曼人精神的第四个阶段是公元17~20世纪。这个时代土库曼人历经坎坷的时期,他们的精神是如此的脆弱,他们的行动是如此的懒惰。精神疲惫的土库曼人开始总结他们所走过的道路。他们为自己所取得的成就而自豪,为所遭受的挫折而难过。历史创造力的民族精神已不复存在,由于无数的历史事件土库曼人被分化成各种各样的国家和部落。土库曼人作出了放下包袱,保持其民族特色的巨大努力,领袖们为分歧国家和部落之间做出艰苦的努力,让团结成为土库曼民族的精神支柱。土库曼人利用历史上的和平机会,理智的吸取历史经验,并且制订了未来的民族发展目标。他们对家庭的重视,对保持民族特色的重视,决定了这个时期的意识特点。这个时代的精神领袖是马赫图姆库里-佩拉格。
Türkmen öz däbi — ýoly üýtgän ýerinde ýeňilýär. Oňa mysal Merw, Maru-şahu-jahan. Mary 4 müň ýyl mundan ozal gülläp ösen, türkmenleriň ata-baba topragynyň ösen merkezi şäheri bolupdyr. Türkmen hanlyklary döräp, Sanjar soltan bolan döwründe iki milliondan gowrak ilaty bolupdyr. XIII asyryň başynda düşman Çingiz han bu şäheri weýran edipdir. Türkmen halky ony täzeden dikeldýär, XIV asyrda düşman Agsak Teýmir şäheri ýene weýran edýär. Türkmenler ýene-de dikeldýärler. 1787-nji ýylda Buhara hany tarapyndan bu şäher ýene ýer bilen ýegsan edilýär. Türkmenler ýene-de öz milli döwlet merkezini dikeldýärler. Dünýäde munuň ýaly weýrançylygy gören başga şäher barmyka?! Türkmenleriň beýik ruhy şol şäheri ebedi saklaýar, geljekde-de saklar!
土库曼人自己清楚一旦改变传统道路,就会遭到失败。比如梅尔夫(马鲁-夏胡-加罕)。马鲁是具有4000年的历史古城,是土库曼人祖先的文明中心,这座城市在历史发展过程中被誉为东方明珠。土库曼人民在苏丹桑加尔时期马鲁的人口达到200万人。13世纪初世敌成吉思汗摧毁了这个美丽的城市,土库曼人重新将它修复。100之后,世敌瘸子帖木儿又让它变成废墟,土库曼人又一次重新修复了它。1787年布哈拉汗又把马鲁夷为平地,但它在原址上又一次崛起,成为民族的圣地。世界上还有没有哪个城市经历多次浩劫,在废墟上一次又一次的站立起来?是土库曼伟大的精神捍卫着它们
Ýene bir mysal, Astrabat obalarynda ýomut hany Saýyl hanyň tarapdarlary bilen Eýranyň Akat şasynyň tarapdarlarynyň arasynda gazaply uruşda köp adamlar öldürilipdir. Şeýle hem bu uruşda keseki duşmana olja bolmazlygy üçin köp sanly türkmen aýallary öz ärleri tarapyndan öldürilipdir. Muňa garamazdan, 8 müň türkmen aýal-gyzlary, çagalary ýesir düşüpdir. Bu aýal-gyzlaryň köpüsi hem tussaglykda galmazlyklary üçin, namyslaryny goramak üçin öz janlaryna kast edipdirler. Eý, Beýik Alla, olaryň jaýyny jennet et, olaryň gaýduwsyz türkmen ruhuny, jynsyna garamazdan, ýaşyna garamazdan, şu günki türkmen milletine siňdir!
在这里还有一个例子。支持约穆特部落撒依勒汗的人和支持伊朗阿卡特沙的人之间在阿斯特拉巴特的村庄进行了一场浴血奋战。死者中有许多土库曼女人,是因为约穆特部落男人们为了保护自己女人的贞操,被自己的丈夫所打死。有8000个土库曼妇女和儿童被地然抓获,其中许多人为了不失去贞洁、不向敌人屈服而自杀。哎,伟大的真主,请保佑这些高尚的亡灵吧,把他们的精神,坚强的性格和纯洁的贞操赐予我们吧!
Ruhuň bu döwürdäki tebigatyny «içeriniň aladalary» kesgitledi. Döwletsizlik, bölek-büçeklik hatda taryhy hakydanyň biraz kütelişmegine sebäp boldy. Gündogaryň özge ýurtlaryna düşen kowumdaşlar bilen aragatnaşyklar selçeňleşdi. Taryhy işjeňlik şol kowumlaryň eline geçdi.
土库曼人的精神在这个时代被严重的消弱,没有自己的国家,人民四处飘散,导致了历史记忆的丧失。土库曼人和被历史命运扔到东方其他地方的同族部落人民的联系愈来愈少。历史的记忆转移到其他地方。
Emma şonda-da halkdan çykan Magtymguly beýik dag bolup döredi, ondan birnäçe derýalar halka tarap akyp başlady. Onuň ýegeni Zelili bütin ömrüne Magtymgulynyň watançylyk, Seýdi gahrymançylyk, Mollanepes, Kemine yşky-söýgi, Mätäji durmuşy pikirlerini ösdürdi. Olar türkmeniň öz milletine guwanmagyny gazanmaga, ruhuny galkyndyrmaga jan edipdiler.
尽管这样,在人民中造就了一位伟大的精神大山,这就是马赫图姆库里,所有的追随者都在发展他的思想。马赫图姆库里的侄子泽利利讴歌爱国主义,赛依德赞颂英雄主义,莫拉涅佩斯和克米奈描述美好的爱情,米塔吉叙说生活的哲理。他们倡导土库曼自己的民族自尊、团结和振奋人民的精神。
XX asyr bolsa has hem agyr geldi. Taryhda hiç mahal özge döwletiň ýüküni çekmedik türkmen başga döwletiň elgaramalygynda galdy.
20世纪是土库曼人最苦难的阶段。过去历史上从来没有被别人所奴役的土库曼人民第一次被藩属于别的国家。
1914 — 1918-nji ýyllarda bolan birinji jahan urşuna gatnaşyp, wepat bolan türkmenleriň sany 80 müňden geçdi, 1917 — 1930-njy ýyllarda baý-kulak diýlip sürgün edilenleriň sany 900 müňden gowrak adamdy, şol ýyllar ýat illerde mesgen gözläp, ýurtdan çykanlaryň sany 4 milliondan geçdi. 1930 — 1937-nji ýyllarda milletçi, halk duşmany, basmaçy atlandyrylyp atylanlaryň, sürgün edilenleriň sanyny anyklamak kyn, her gijede obalardan, şäherlerden adamlar sessiz-sedasyz ýiterdiler, olary hatda soramaga-idemäge hem gorkardylar... Türkmen halky şeýle ruhupeslikde ýaşady...
在1914~1918年的第一次世界大战中,有8万多土库曼人死去。1917~1930年间在反地主富农运动中土库曼人受害者达90万人。也就在这些年,近400万土库曼人背井离乡。1930~1937年因为民族、人民敌人打压运动而处决和流放的受害者不计其数。每天晚上都有人从家中被带走到谁都不知道的地方,他们的亲属都不敢打听下落------土库曼人民生活在精神恐惧之中。
Şu günler hem: «Aý, SSSR döwri gowudy» diýjek bolýan adamlar bar. Eziz türkmenim, ýalňyşmaň, öz öýkäň bilen Watanyň, Garaşsyzlygyň beýikligini ölçeme! Ol gymmatlyklaryň bahasyna ýetme ýokdur.
今天还有一些人说:哎,苏联时期的生活比现在更好一点。我亲爱的土库曼人,请不要弄错,你们难道用那些无谓的抱怨来衡量祖国的伟大、独立的重要!你们要知道独立、自由和主权它们是无价的。
SSSR döwründe, türkmen, diliňi ýitirip barýardyň, rus dilini bilmeseň okuwa-da, işe-de almaýardylar, diniňi ýitirdiň, däbiňi-dessuryňy ýitirdiň, ykdysadyýetde iň yza galan respublikadyň, milletimiz obalarda, şäherlerde hor ýaşardylar, goý, ýaşulular, ak saçly enelerimiz ýaşlara şolary düşündirsinler. O Türkmenim!!
在苏联时期,土库曼人,你们几乎失去了自己的母语,如果你们不懂俄语,你们就不能正常学习,正常工作。我们的宗教信仰、民族传统、精神道德被丢失,本来一个最富有的民族现在过着最贫穷的生活,变成被别人要养活的民族。我们要把这些事情要告知每一个年轻人。啊,我的土库曼!
Türkmenistan SSSR-iň hazynasyna her ýylda 10-18 milliard dollarlyk girdejini berýärdi (nebit, gaz, pagta, himiýa önümleri), yzyna 1 milliony hem gaýdyp alyp bilmezdi. Şu ýagdaýda ruhy gymmatlyklar ýitip, haramylyk, binamyslyk, göwnüçökgünlik, ynamsyzlyk, aldawçylyk adaty zada öwrülip başlady.
过去苏联每年从土库曼斯坦所侵吞100~180亿美元的资源(石油、天然气、棉花、化工原料等),而他们所返还的东西还不到100万美元。正因为如此,道德观念不复存在,邪恶、缺乏信任、不忠和欺骗已成为普遍的现象。
Milli türkmen ruhunyň bäşinji Altyn eýýamy 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan başlanýar.
土库曼民族精神的第五阶段,也就是黄金时期开始的日子,就是1991年10月27日。
Aslynda Allatagalanyň biziň milletimiziň maňlaýyna ýazan bir täsinligi bar: türkmen ruhy her täze müňýyllygyň başynda ýene belende galýar. Üçünji müňýyllygyň başynda hem şeýle boldy. Hudaý türkmene taryhy döredijilik ylhamyny berdi — bu eýýam türkmen ruhunyň kämillik eýýamydyr.
至高无上的真主赐予我们的土库曼民族一个非常奥妙的规律:土库曼的精神在每一千年之初都会得到重新复兴而升华。现在在第三个千年开始时也是如此,真主赋予土库曼人新的历史激情——这就是土库曼人精神成熟的时期。
Bu gün ol ruh bedewe öwrüldi. Bu eýýamyň ruhy diňe bir deprek, gopuz, dutar, gyjak däl, eýsem, ähli 72 saz guralynyň birleşmeginde, bitewilikde çalynmagynda, ýaňlanmagynda beýan edilýär. At — türkmen döwletiniň gerbinde ornuny tutup, türkmen topragyna altyn durmuş, altyn ruh, bagtyýarlyk getirdi. At türkmeniň döwletiniň, rysgal-bereketiniň, altyn ruhunyň, altyn durmuşynyň nusgasyna, nyşanyna öwrüldi.
今天我们需要精神。今后,这种精神不仅限于传统乐器手鼓、口弦、杜塔尔、格加克发出的乐声,而是72种乐器的合奏声中,奏响土库曼人的历史赞歌。我们的汗血宝马在土库曼的国徽上占有自己的位置,土库曼的土地上结黄金果实,黄金精神。汗血宝马是土库曼国家的象征,标志着土库曼的财富、金黄精神和金黄生活。
Ata-babalarymyz türkmen ruhuna täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarynda eşrepi deýin saklap, nesilden-nesle geçiripdirler. Her kim öz bilýänini ogullaryna, agtyklaryna gürrüň beripdir. Şeýdip, ata-baba pähim-parasatlary biziň günlerimize gelip ýetipdir.
我们的祖先非常小心地积累了他们的宝贵的历史经验,并且将经过几代人进行相传。每个土库曼人都有责任把自己所知道的传授给儿子、孙子。这样,我们祖先的宝贵智慧和经验就相传到了今天。
《灵魂传》节选,BÄŞINJI BÖLÜM 第五部分
责任编辑:admin